img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gözellik döredýän çeper eller

photo

Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli halyçylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen 4 aýynda 560 inedördül metr haly we haly önümlerini dokadylar. Buýurmalaryň öz wagtynda berjaý edilmegi kärhanada şu ýylyň 4 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 10 göterim ösüş gazanmaga mümkinçilik berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nepis türkmen halysynyň meşhurlygy, şan-şöhraty dünýä ýüzünde barha artýar. Bu kärhanada ene-mamalarymyzdan miras galan gaýtalanmajak gözelligi döretmekde, türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde kärhananyň ussat halyçy gelin-gyzlary saldamly goşant goşýarlar. Kärhananyň welaýat boýunça 3 önümhanasy bolup, halyçylar şertnamalaýyn usulda zähmet çekýärler. Bu ýerde diňe uly göwrümli halylar bolman, eýsem, dürli görnüşli haly önümleri dokalýar. Kärhanada işler «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň buýurmalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Her aý bellenilen meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Dokalýan halylaryň hiliniň ýokarylygyna bolsa ýerlenilýän önümleriň görkezijisinden göz ýetirmek bolýar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä ýylyň başyndan bäri 4 aýda 400 inedördül metr haly we haly önümleri ýerlenildi.

Bu kärhananyň işçileri Türkmen halysynyň baýramyna öz sowgatlary bilen bararlar. Baýramçylyk sergisiniň çäklerinde bu kärhananyň halyçylarynyň dokan haly we haly önümleriniň söwda-sergisini gurnamak meýilleşdirilýär. Ol önümleriň hatarynda türkmen halylary, zenan torbasy, saçaklyk torbalar, oturgyç üsti, haly horjunlar ýaly sowgatlyk önümleri görmek bolar.

Türkmen halylary esasy saryja goýnuň ýüňünden taýýarlanýar. Haly dokamak üçin gerekli çig mal ýüplükler kärhana «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat şäherindäki «Argaç» ýüň egriji kärhanasyndan getirilýär. Häzirki wagtda edara-kärhanalaryň we raýatlaryň buýurmalary esasynda dokalýan halylar berk bolmagy üçin ýüň we ýüpekden dokalýar.

Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçy gelin-gyzlary halyçy zenanlaryň zähmetine we milli halyçylyk sungatyna ýurdumyzda ýokary sarpa goýulýandygyna guwanyp zähmet çekýärler. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýyna göwrümi 80 inedördül metr bolan halylary dokap, sowgatly barmagy maksat edinýärler.