img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

photo

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Ministr mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçiriljekdigini aýdyp, onuň netijeleriniň döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň we “Merkezi Aziýa +” formatlarynyň çäklerindäki üstünlikli özara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi. Toparyň nobatdaky mejlisi ýakynda Astana şäherinde geçirildi. Onuň işi hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini açmaga, özara söwdanyň möçberini artdyrmaga, maýa goýumlary we bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.