Türkmenistanda taryhy-medeni mirasyň sanly binýady döredilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri we durmuş-ykdysady ösüş bilen bagly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa milli medeni mirasymyzy öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer tassyklanan maksatnama laýyklykda, şu ýylyň ýaz möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleriniň gadymy binagärlik ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyryny üstünlikli amala aşyrandyklaryny habar berdi.
Şeýle hem häzirki wagtda häzirki zaman tehnologiýalary arkaly öňdebaryjy daşary ýurtly alymlar bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň bitewi sanly binýadyny düzmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň gaýtalanmajak taryhy mirasyny geljek nesiller üçin gorap saklamagyň örän möhümdigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere taryhy-medeni miras desgalaryny rejelemek boýunça işleri dowam etdirmek, şeýle hem milli mirasymyzyň baky gymmatyny ýaş nesle düşündirmäge gönükdirilen düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini has-da işjeňleşdirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.