img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk boýunça geňeşmeleri geçirer

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli resminama döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň esasynda taýýarlanyldy we halkara hyzmatdaşlygynyň birnäçe strategik ugurlaryny öz içine alýar.

Hususan-da, ozal kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistan «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeleri gurar.