img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi.

Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Toşimisu Motegi Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen ýertitreme zerarly iberen gynanç haty üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Toşimisu Moteginiň Türkmenistana saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ilerledilýär.

Häzirki wagtda diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy alnyp barylýar.

Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýyl «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrandygyny, saparyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini, wajyp ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministri hanym Sanae Takaiti bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Toşimisu Motegi öz gezeginde, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga uly itergi berendigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Bu gatnaşyklary ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň «ITOCHU Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandygyny, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ýapon kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň medeniýet ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Özara Medeniýet günleriniň, sergileriň, beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimisu Motegi netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.