img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen halkynyň Milli Lideri: – Eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda ýaş nesle öz öwüt-ündewlerini berip, jemgyýetiň we döwletiň ösüşinde ylym-bilimiň möhüm ornuna aýratyn ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudygyny nygtap, ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir. Türkmen halkynyň döwletlilik ýolunyň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýen sözlerine aýratyn ähmiýet berdi.

«Biz ylym-bilim ulgamynda toplan baý tejribämiz esasynda ajaýyp geljegimizi gurýarys. Watanyň, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýýan päk ahlakly, watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleri terbiýeleýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.