img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny, nebit koksuny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine flanel mata, nah ýüplük, arassalanan pagta ýagy, buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 533 million 356 müň manada deň bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), tehniki ýody, nah matany, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.