Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlaryň dowamynda Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem onuň halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynda öz beýanyny tapan bitaraplyk filosofiýasynyň halkara giňişliginde döredijilikli başlangyçlary öňe sürmekdäki ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Çäräniň dowamynda doganlyk halklaryň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugrunyň, şol sanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Heýdar Aliýew gaznasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň ähmiýetini bellediler.
Dostlukly ýurtlaryň dillerinde möhüm eserleriň terjime edilip neşir edilmeginiň özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga, ylmy we medeni alyş-çalşy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy, gymmatlyklary we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giň köpçüligi tanyşdyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ähmiýetli waka bolup, ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini tassyklady.