img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

photo

2026-njy ýylyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Ankara şäheriniň “Etimesgut” howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we Türkiýäniň işewürleri mähirli garşyladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar. Seýilgähde türki halklaryň taryhyna degişli dürli binalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Soňra belent mertebeli myhmanlar bu ýerde bag nahallaryny ekdiler. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanlary bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.

Açylyş dabarasyndan soňra döwlet Baştutanlary “Malazgirt” çäreler merkezine bardylar.

Bu ýerde medeni maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli we etnosport oýunlary kökleri müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän däpleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy. Çäräniň dowamynda türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.