«TÜRKMEN ENJAM» HJ-NYŇ DESGALARY

«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti TOPH magistral gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşykçylarynyň tabşyrygyny ýerine ýetirdi. Gazçylara hojalyk jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde taýýarlanan diametri 225 millmertlik 214 müň metr ýokary basyşly polietilen turbalar ulanmaga berildi. Turbalar gurluşyk meýdançalaryna suw geçirmekde, tehnologik we gurulýan gaz geçirijä hyzmat edýän işgärleriň hajatlaryny üpjün etmekde peýdalanylar.
Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän senagat kärhanasynda indi birnäçe ýyl bäri hemmetaraplaýyn himiki taýdan durnukly we 50 ýylyň dowamynda 25 atmosfera basyşda bökdençsiz işlemäge niýetlenen diametri 110-630 millimetrlik suw hem-de lagym polietieln we polipropilen turbalar öndürilýär. Kärhanada Germaniýanyň önümi bolan uly we kiçi diametrli turbalary çykarmak, gasynly ikigat lagym turbalaryny hem-de elektrik kabellerini çekmekde ulanylýan turbajyklary öndürmek üçin ekstruderler oturdylan. Kärhananyň her gün gerek bolşuna görä 200 metrden 1000 metre çenli polimer önümler çykarmak mümkinçiligi bar. Telekeçiler polimer turbalar üçin çig maly ýerli önüm öndürijilerden – Gyýanlydaky gaz himiýasy toplumyndan satyn alýarlar.
Ýokary hilli we ygtybarly polimer önümleriň önümçilgi jemagat hojalygy hem-de gurluşyk edaralaryny ýurdumyzyň şäherlerinde hem obalarynda inženerçilik ulgamlaryny abatlamak we gurmak üçin turba önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen enjam» HJ enjamlary, maşynlary we mehanizmleri iri getiriji, şeýle hem senagat desgalaryny doly ulanmaga çenli gurujy potratçy hökmünde hem bellidir. Ýewropanyň esasy kompaniýalary bilen birlikde telekeçiler ýurdumyzyň senagat we suw hojalygynyň dürli desgalarynyň ýigrimä golaýyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de olaryň durkuny täzelemäge, şeýle hem iri daşary ýurt kompaniýalary baş potratçylar bolan binalarynyň gurluşygyna gatnaşdylar.
Golaýda «Türkmen enjam» HJ kuwwatlylygy ýylda million tonna önüm öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň gurluşygynyň ikinji nobatdakysyna bäsleşikde ýeňiş gazandy. Kärhananyň çäginde edara jaýynyň, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, naharhananyň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Täze kärhana 2022-nji ýylyň dekabrynda işe giriziler.