TÜRKMEN NAKGAŞLARYNYŇ ZENANLAR HAKDA WE ZENANLARA BAGYŞLAN IŞLERI

Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. Baýramçylyk sergisinde žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda tanaymal nakgaşlar –Ýewgeniýa Adamowanyň «Ene», Aýhan Hajyýewiň «Bahar», Ýarly Baýramowyň «Siren» ýaly belli işleri, olaryň gapdalynda bolsa häzirki nakgaşlaryň işleri görkezilýär.
Tebigat bezegi gülleriň suratlary sergide aýratyn orun tutýar. Olaryň arasynda Gülşat Annamyradowanyň «Gülälekler» atly suraty saýry elýär. Gülşada näzik gülýaprakly gülüň şahyrana gözelligini bermek başardypdyr.
«Narly jennet» atly keçe sergilerde köp görkezilýär. Onuň awtory – Aýna Patarowa Adam ata, How ene barada Injil ýordumyna meňzeş kompozisiýa döredipdir. Ýöne jennetdäki alma agajyna derek Aýna nar agajyny, ýoldan çykaran Ýylana derek -- zähmete werziş hoşamaý taýharjygy şekillendirilipdir. Surat bagtyýarlyga we ýagşy umytlara ýugrulan.
Ýaş nakgaş Dmitriý Filipçenko panbarhata tylla şekil salmak usulynda işleýär. Onuň suratlary sergilerde uly üstünlik gazanýar. Bu gezek ol sergä «Salgym» diýen işini hödürläpdir. Onuň ýordumy şa gözeli we ýylan barada Gündogar rowaýaty esasynda düzülipdir. Dmitriý Gündogar gözelini kaşaň orta asyr şäheriniň monohrom sudurynda altynsow ýylan gowly jähekli kapýuşon şekil baş gaply çekipdir.
Tanymal žiwopisçi Rahman Umarow «Güneş» atly suratyny getiripdir. Sergä gelenler şahyrana bahar manzarynyň goýnundaky zenanyň neçün gussa batandygyna düşünjek bolýardylar...
-Eseriň gahrymany – Güneş atly gyz suratyny çekýän döwrüm: okuwy dowam edip, halan käriňi almalymy ýa-da ata-enesiniň erkine kaýyl bolup, durmuşa çykmaly diýen çylyşyrymly meseläni çözmeli bolupdy -- diýip nakgaş gürrüň berýär. – Şondan birnäçe ýyl geçen soň onuň ykbaly bilen gyzyklandym. Güneş arzuwyna ýetipdir, ol diplomly hünärmen bolupdyr, durmuşda-da bagtly ekeni...
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Leýli Karowa milli äheňli üýtgeşik zenan esbaplaryny görkezýär. Onuň döreden zenan torbalary gündogar gözelleriniň keşbi we ýaşyl reňk emeli daş bilen bezelipdir.
Bahar röwüşleri we özboluşly däpler ruhuny duýmaga, şeýle hem türkmen gözelleriniň owadanlygyna hem zehinine buýsanmaga mümkinçilik beren tematiki sergi göreniň göwnüni galkyndyrdy.