DÖWLET MUZEÝINDE GURALAN SERGI NOWRUZ DÄPLERI WE ONUŇ TARYHY BARADA GÜRRÜŇ BERÝÄR

photo

ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen we halkara derejesine eýe bolan iň gadymy baýramlaryň biri –Nowruzy türkmenistanlylar giňişleýin belleýärler.

Golaý gelen bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Nowruz – parahatçylygyň we gözelligiň Halkara baýramy» atly sergi açyldy. Onda muzeý gorlarynda saklanylýan arheologik we etnografik seýrek zatlar görkezilýär, olar bilen tanyşlyk hazirki döwürde baýramyň jebisleşdiriji ähmiýetine çuňňur  düşünmäge mümkinçilik berýär.

Sergide arheologiýa bölümi esasy orun tutýar, onda görkezilýän zatlar geçmişden geljege simwoliki köpri atarmaga mümkinçilik berýär. Aýna bilen örtülen tekjelerde gazuw-agtaryş işlerinde tapylan miladydan öňki   VI we   III asyrlara degişli eksponatlar goýlupdyr. Altyndepede hasyllylyk zenan taňrysyna bagyşlanan kiçijik zenan heýkeljikleri tapyldy. Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde  tapylan galla dänesiniň şekili galan kiçeňräk gips bölegi  türkmen ekarançylygynyň kökleriniň gadymylygyna şaýatlyk edýär.

Nakgaşlaryň žiwopis işleri Nowruzyň özboluşly baý ýörelgelerini beýan edýär. Owadan milli lybasly türkmen zenanlary tamdyrda mele-myssyk nan bişirýärler, ajaýyp el keşdeleridir haly önümleri, maşat daşy bilen bezelen kümüş şaý-sepler gözüňi dokundyrýar. 

Birnäçe suratyň awtory –nakgaş Wýaçeslaw Maýkowskiý güneşli Diýarymyzyň däp-dessurlary we tebigaty barada gürrüň berýär. Olaryň birinde harasadyň öň ýanyndaky çöl şekillendirilipdir. Agyr bulutlary böwsüp geçýän Gün şöhlesi durmuşa ýagşy umyt döredýär. Abstraksiýa usulynda çekilen beýleki bir suratyň ýordumy milli bezegleriň manysyny çözmäge çagyrýar.

Etnografiýa bölüminiň merkezindäki ak öýüň maketinde Nowruza taýýarlyk görülýär. Eneli-gyz gadyrly myhmanlara hödür edilýän pişme bişirýärler. Onuň gapdalynda bolsa Nowruzyň aýrylmaz bölegi bolan semeni taýýarlanylýar. Sergide un üweýän degirmen daşy hem goýlupdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Muzeýiniň nepis eksponatlary sergä özboluşly bezeg berýär, olaryň arasynda installirlenen altyn çaýylan çigildemler hasam saýry gelýär. Sergide goýlan şekilli halylarda baharda özgerýän tebigat gözelligi wasp edilýär, bu ýerde gadymy saz gurallary-da goýlupdyr.