TÜRKMENISTANY IKINJI WATANY EDINEN FRONTÇYNYŇ YKBALY

photo

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli ähli ýerde uruş gahrymanlary mübäreklenýär. Men olaryň biri – Sergeý Tewosowiç Aganýan barada gürrüň bermekçi. Durmuşynda ýurdumyzyň we Aşgabadyň şanly seneleri beýanyny tapan  weteranyň watanperwerlik ruhuna ýugrulan öýüne baryp, onuň bilen söhbetdeş boldum.

Sergeý Tewosowiç Litwany, Latwiýany, Estoniýany we Ukrainany azat etmek ugrunda söweşlere gatnaşdy. Onuň gulluk edýän polky Belorussiýadaka gitlerçi Germaniýadan üstün çykylandygy barada uzak garaşdyran habar geldi. Sergeýem gullukdaşlary bilen Ýeňiş ýörüşine gatnaşmak üçin  Moskwa ugrady...

– Men 1926-njy ýylda Ermenistanda doguldym – diýip Sergeý Tewosowiç gürrüň berýär. – Mekdebe gatnaýardym, ýöne ony tamamlamak miýesser etmedi. 1944-nji ýylda topçulyk goşunyna fronta çagyryldym. Iki aýlytk harby taýýarlykdan soň «Iş saparyna!» diýip Pribaltika ugratdylar.

Juda ýaşdyk, zatdan gorky-ürküni bilmän jeňe girerdik. Tertip-düzgün berkdi. Biziň ygrtyýarymyzda minomýotlar, ady belli «Т-34» tanky we beýleki ýaraglar bardy.

Nyşana almaga ökde mergen Sergeý Aganýan söweşleriň birinde çep eliniň barmagyny aldyrýar.

– Uruşdan soň ýene biraz wagt Ýaragly Güýçleriň hatarynda gulluk etdim. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremesi şäheri weýran edipdi. Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýan aýal doganym kömege mätäçdi. Menem Aşgabady dikeltmäge geldim, şeýdibemn ömürlik bu ýerde galdym.

Aşgabat gözüň alnynda özgerýärdi. Sergeý Aganýan gurluşykçy bolup türkmen paýtagtynyň  binalarynyň, seýilgähleriniňdir baglarynyň, şeýle hem Botanika bagynyň gurluşygyna gatnaşandygyna buýsanýar.

– Men 30 ýyllap gurluşykçylar toaprynyň ýolbaşçysy boldum. Kerpiçleri elde guýardyk, ony guratmaga kän wagt giderdi. Bir gatly jaýlary bir aýda gurardyk, Botanika bagyny kemala getirmäge azaply alty ýyl gerek boldy. Bu günki gözel Aşgabady görmäge göz gerek.

2021-nji ýylyň 1-nji aprelinde Sergeý Tewosowiçiň 95 ýaşy doldy. Şadyýan weteran gyzy we gyz agtygy bilen Aşgabatda ýaşaýar. Frontçynyň aýtmagyna görä, adam üçin iň gymmatly zat – ömür, şonuň üçinem onuň her pursadynyň gadyryny bilmeli, döretmeli we zähmet çekmeli.