DAŞOGUZYŇ TARYHY-ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI: TARYHYŇ SAHYPALARY, DÄPLERI WE ŞU GÜNI

Iýun aýynda Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň täze döwrebap binasynyň açylanyna on ýyl dolýar. Milli binagärlik we gurluşyk täzelikleri utgaşýan üç gatly bina Daşoguzyň binagärlik simwollarynyň birine öwrüldi.
Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi 1974-nji ýylda döredildi, täze bina arheologik we etnografik raritetleri degişli şertlerde saklamaga mümkinçilik berdi.
Muzeýiň gorunda 12 müňden gowrak eksponat bar. Bu ýere gelýänler arheologik tapyndylar, gadymy egin-eşikler we halylar, şaý-sepler, öý goşlary, ülkäniň taryhy boýunça resminamalar we beýleki köp zatlar bilen tanşyp bilerler.
Gymmatly zatlaryň arasynda akademik Sergeý Tolstowyň ýolbaşçylygynda Horezm arheologiýa-etnografik ekspedisiýasynyň dowamynda tapylan özboluşly artefaktlar bar.
Muzeýiň gaznalary her ýyl hünärmenleriň etraplara iş saparlaryndan getiren zatlarynyň hasabyna doldurylýar.
Muzeýde arheologiýa, etnografiýa, tebigat we şekillendiriş sungaty, şeýle hem welaýatyň şu güni barada gürrüň berýän bölümler bar.
Bu ýerde çeperçilik-diklediş ussahanalarynda eksponatlary dikeltmek üçin şertler döredilen.
Häzir muzeý audiogidleri döretmegiň üstünde işleýär, onuň internet-portalynda täzelikler bilen tanşyp ýa-da wirtual gezelenç edip bolýar.