YLHAM JOŞGUNY: ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINDE BAÝRAMÇYLYK SERGISI AÇYLDY

Paýtagtyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Baýdak Gününe bagyşlanyp çeper suratlaryň, grafika eserleriniň, heýkelleriň we amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy.
Suratkeşleriň her biri bu temanyň çeper beýanyny tapmaga özüçe çemeleşipdir. Türkmen döwletiniň esasy nyşanlary bolan – Baýdagyň hem-de ýurduň Baş kanunynyň her hili röwüşlerde şekillendirilen nusgalary bu serginiň esasy eksponatlarydyr.
Şu ýyl «Parahatlyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň dabaralanmagynyň astynda geçýär. Ol sergide goýlan eserleriň tutuş toplumynda ýurdumyzyň asuda asmanynda erkana gaýmalap ýören ak kepderileriň keşbi arkaly alamatlandyrylýar.
Aýratyn hem bütin dünýäde parahatçylygyň simwoly hasaplanýan bu guşlaryň skripkada joşgunly saz çalýan gyzjagazyň daşynda pel-pelläp perwaz urşuny tolgunman synlamak mümkin däl. Göýä diýersiň, sazanda gyz durmuşyň – ýagtylygynyň, şatlygynyň we bagtýarlygynyň simfoniýasyny ýerine ýetirýän ýaly görünýär...
Baýramçylyk sergisiniň bir esasy temalarynyň biri-de – ýurdumyzyň ýüregi, merjen ak şäher Aşgabatdyr. Sergidäki suratlaryň birinde täze taslamanyň üstünde işleýän ýaş dizaýnerler görkezilipdir. Olaryň iş otagynyň açyk penjiresinden Aşgabadyň gözel künjekleri edil eliň aýasynda ýaly görünýär
Olaryň gapdalynda Köpetdagyň etegindäki baýyrlaryň gözüňe juda mährem görünýän erezlerini suratlandyrylýan žiwopis eseri goýlupdyr. Uly ähmiýetli baýramçylygyň beýanatynyň çygrynda görkezilýän dogduk diýaryň gözel keşbi-de döwletimiziň taryhynyň ajaýyp watanperper sahypasydyr.