ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ HEPDELIGI: EKOLOGIKI WE DURMUŞY TALAPNAMALAR

Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy bilen maý aýynyň 17-23 aralygynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň Altynjy Bütindünýä hepdeligi geçirildi. Bu hepdelik şäherleriň içinde, ulag we pyýada geçelgeleriň çatrygynda maşynlaryň tizliginiň sagatda 30 km-e çenli peseldilmegini göz öňünde tutdy. Hepdeligiň çägindäki çäreler sürüjileriň medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirildi we «Ýollar ömür üçindir» («Streets for life») diýlen bitewi şygaryň astynda geçdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy 2005-nji ýylyň oktýabrynda Guramanyň sebitleýin komissiýalaryna we Bütindünýä Saglyk Guramasyna bilelikde ýol hereketiniň düzgünleri boýunça maglumatlardan habarlylygy ýokarlanmdyrmak üçin Birinji Bütindünýä hepdeligini guramagy teklip edipdi.
Altynjy Bütindünýä hepdeligi 2021-2030-nji ýyllarda ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek ugrundaky hereketleriň Ikinji Onýyllygynyň we onuň Baş maksatnamasynyň çäginde hem-de onuň ýörelgelerine laýyklykda guraldy. Hereketleriň Baş maksatnamasynda Stokgolm jarnamasyny goldamak, oňa hemaýat bermek ideýasy jemlenýär. Jarnama 1972-nji ýylda daşky gurşawyň meselelerine, jemgyýetçilik ulaglaryny sagdynlygyň we ekologiýa taýdan arassa transport görnüşinde ulanmak syýasatyna bagyşlanan Maslahatda kabul edildi.
Türkmenistanda 10-njy maýdan 25-nji maý aralygynda köpçülikleýin ekologiýa çäreleriniň geçirilýändigini we welosiped hereketini giňden ýaýratmaga gönükdirilen işleriň guralýandygyny bellemek hökmandyr.