TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNDAKY ILÇIHANASY WELOSIPED GÜNÜNE BAGYŞLAP WELOSIPED ÝÖRIŞINI GURNADY

2021-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy BMG-nyň Ermenistan Respublikasyndaky wekilhanasy we Welosiped halkara federasiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlap welosiped ýörişi geçirildi.
Bu çärä Ermenistan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary, Welosiped federasiýasynyň agzalary, şäher ilaty we welosiped höwesjeňleri gatnaşdylar.
3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň aprelinde BMG Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi.
2018-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 82-nji mejlisinde “3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni” Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Onuň taslamasy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa türkmen döwletiniň parahatçylygy, dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilendiginiň subutnamasydyr.
2018 ýyldan bäri her ýyl Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy sport çäresini giňden bellemek däbe öwrüldi.
Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl Aşgabatda welosiped sürmek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmek meýilleşdirilýär. Dünýä çempionaty oktýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Olimpiýa şäherçesiniň aýlaw ýolunyň sport toplumynda geçiriler. Bu ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmen welosiped federasiýasy we halkara welosipedçiler bilen bilelikde geçiriler.