«ALTYN ASYR» TÜRKMEN KÖLÜNIŇ TÖWEREGINDE GÜN-ÝEL GARYŞYK ELEKTRIK BEKEDI GURLAR

photo

Merkezi Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada iş sapary wagty energetika ministri Ç.Pürçekow habar berdi.

10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň taslamasy 2019 – 2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreler Meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde taýýarlandy.

Döwlet Baştutany ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde energetika toplumynyň esasy orun tutýandygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz degişli görkezmeleri berip, ekologiýa kadalaryna berk eýerilemelidigini nygtady.