TÄZE KÄRHANA GURULÝAR

photo

Daşoguz şäherinde suw emulsiýaly reňk we kafel ýelimini öndürjek hususy kärhananyň gurluşygy başlandy. Ony ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, “Galkynan ykbal” hususy kärhana gurýar. Şu maksat bilen hususy kärhana döwlet tarapyndan täze bina üçin bir gektardan gowrak ýer uzak möhletleýin bölünip berildi. Häzir bu ýerde geljekki ymaratlaryň binýadyny goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Täze kärhananyň düzümine angar kysymly iki önümçilik jaýy, dükan, çig mal we taýýar önümler ammary, şeýle hem tehniki niýetli desgalar girer. Ulanylyşa girizilenden soň, ol ýylda birnäçe ýüz tonna reňk we kafel ýelimini öndürip biler. Ýeri gelende aýtsak, kärhanada eýýäm kafel ýelimini öndürmek üçin zerur enjamlar bar, suw emulsiýaly reňk öndürýän desganyň parçalaryny bolsa öňdebaryjy öndürijilerden satyn almak meýilleşdirilýär. Önümleri plastik gaplarda satmak göz öňünde tutulýar.

Içerki işewür toparlaryň, ýerli bazar islegini we sebitde ýaşaýyş jaý gurluşygynyň barha artýan möçberini göz öňünde tutmak bilen, dürli gurluşyk materiallarynyň öndürilişine häzirki wagtda iş üçin girdejili we bähbitli ugur hökmünde baha berýändigini bellemelidiris. Demirgazyk sebitde kerpiç, şol sanda binalaryň ýüzüne tutulýan kerpiç, kafel plitalar we guýma metaldan bezeg önümlerini öndürmek üçin niýetlenen hususy kärhanalar eýýäm gurlup, üstünlikli iş alyp barýarlar. Ýakyn geljekde olaryň sany ep-esli artar. Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda bu hususy senagat kärhanalary ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň artmagyna we importyň ornuny tutmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýarlar.