TÜRKMENISTAN – SEBITDÄKI ENERGIÝA SÖWDASYNDA

photo

Energiýa gorlarynyň söwdasy üçin mümkinçilikleri artdyrmak we häzirki zaman energetika infrastrukturasynyň ösüşini höweslendirmek arkaly energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryndan biridir. Abraýly halkara bilermenleriň pikiriçe, sebitde durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin, sebit energiýa hyzmatdaşlygynyň artykmaçlyklaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjek biri-biriniň üstüni ýetirýän energiýa çeşmeleriniň we önümçilik gurluşlarynyň iň gowy toplumy bar.

Türkmenistanda, Gazagystanda we Özbegistanda tebigy gazyň, nebitiň we kömrüň uly gorlary bar, Täjigistan we Gyrgyzystan Respublikasy gidroenergetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýe. Merkezi Aziýada gün we ýel energetikasy pudagynda ulanylmadyk uly mümkinçilikler bar, şonuň üçin-de bu ugurda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi kem-kemden arassa energiýa çeşmelerine geçmäge ýardam eder. Energetika pudagyndaky sebitleýin hyzmatdaşlyk täze öndüriji kuwwatlyklaryň işe girizilmegi üçin maýa goýum çykdajylarynyň azalmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň özleşdiriş derejesiniň ýokarlanmagyna getirer.

Sebitiň strategik ýagdaýy Gündogar Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda elektrik energiýasynyň söwda merkezine öwrülmäge-de mümkinçilik berýär. Bu, esasanam, Owganystan bilen umumy serhetler göz öňünde tutulanda, has wajypdyr, çünki onuň üsti bilen elektrik energiýasyna bolan islegi çalt artýan beýleki Günorta Aziýa ýurtlaryna ýol açylýar. Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) biermenleriniň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi, Pakistanda 6000 MWt barabardyr, Owganystanda bolsa 2032-nji ýyla çenli goşmaça 3500 MWt-a isleg bolar.

Sebitde energiýa hyzmatdaşlygynyň ösmeginde, esasanam, elektrik söwdasynda energiýa gorlary taýdan dünýäniň iň baý ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistan wajyp orny eýeleýär. Ýurtda döredilen energiýa öndüriji kuwwatlyklar diňe bir içerki sarp edijini elektrik bilen ygtybarly we üznüksiz üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň goňşy ýurtlara iberilýän möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan öten ýyl Serdar-Garagul elektrik geçirijisi (GS 500 kWt) arkaly Özbegistana berýän elektrik energiýasyny artdyrdy. Şu ýylyň iýun aýynyň başynda Eýran Yslam Respublikasy elektrik energiýasynyň has köp sarp edilmegi sebäpli, Türkmenistandan çäkli mukdarda elektrik energiýasyny satyn alyp başlady. Ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmen – Gyrgyz gepleşiklerinde Türkmenistan Gyrgyzstanyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we güýz-gyş möwsüminde gaz hem elektrik energiýasyny bermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini düýpli suratda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny berýän esasy ýurt bolup, ol Hyrat, Andhoý we Badhyz welaýatyna ugrukdyryjy ýollar arkaly iberilýär. Owganystan we Günorta Aziýa ýurtlary bilen energetika hyzmatdaşlygynyň täze döwrüni sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge we onuň ykdysady ösüşine güýçli itergi berjek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) energiýa köprüsiniň taslamasy açýar.

Döwletara energiýa magistraly, ýagny Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisi baradaky şertnama 2018-nji ýylyň fewral aýynda taslama gatnaşýan ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda gol çekildi. Taslama, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň ähli infrastruktura desgalaryny energiýa bilen üpjün etmegi, şeýle hem Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Bu taslamany durmuşa geçirmek ugrunda eýýäm ep-esli iş edildi. 2021-nji ýylyň başynda Kerki – Şibargan ugrunda elektrik geçirijisi işe girizildi. Uzynlygy 153 kilometre, naprýaženiýesi 500 kWt bolan bu elektrik geçiriji üç ýurduň arasynda elektrik eksporty we importy üçin infrastrukturany döretmäge gönükdirilen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan energiýa ýolunyň bir bölegidir. Birinji ädimde elektrik energiýasy Türkmenistandan Andhoý, Şibargan we Mazar-i-Şerif şäherlerine iberiler. Ikinji ädimde, ýagny 2022-nji ýylyň başyna çenli ol Puli-Humrä we Kabula, ondan soň bolsa Pakistanyň şäherlerine geçiriler. Şu ýylyň awgust aýynda bolsa Mary gidroelektrik stansiýasyndan Owganystanyň Hyrat şäherine çekiljek elektrik geçirijisini işe girizmek meýilleşdirilýär. Ulanylyşa berilmäge taýyn 220 kW elektrik geçiriji Türkmenistan – Owganystan – Pakistan döwletara energiýa köprüsiniň gurluşygynyň ýene bir ädimidir.