TÜRKMENISTANDA «EKSPORT GIŇIŞLIGI» DÖREDILER

photo

Türkmenistanda USAID-iň bilelikdäki taslamasynyň we Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň «Ownuk telekeçilik üçin maslahat beriş maksatnamasynyň» çäginde türkmen kärhanalarynyň önümlerini daşary ýurtly hyzmatdaşlara satmak üçin, «Eksport giňişligi» dörediler. Maksatnamanyň çäklerinde türkmen işewürleriniň wekillerine hem ýerli geňeşçilerine, şeýle hem halkara hünärmenlere taýýar önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly meselelerde ugrukdyryjy maslahat berler.

Bu ugrukdyryjy maksatnama azyk önümlerini gaýtadan işleýjiler we alkogolsyz içgileri öndürijiler üçin has bähbitli bolup, şol sanda, himiki-hojalyk önümlerini, arassaçylyk serişdelerini we azyk önümleri üçin gaplaýyş serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan şereketler üçin-de peýdaly bolar.

Maksatnama gatnaşmak üçin saýlanjak 10 şereketiň işgärleri taýýarlyk döwründe gönüden-göni eksport işinde ugrukdyryjy maslahat alyp bilerler. Hersinde bäş şereket bolan kärhanalar iki topara bölüner.

Maksatnama gatnaşýan ilkinji bäş şereket 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli saýlanar. Ikinji topara gatnaşjak kärhanalar bolsa 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli kesgitlener.

Bu maksatnama esasan Türkmenistanda hasaba alnyp, azyndan bir ýyl iş alyp barýan kärhanalar gatnaşyp bilerler.

Maksatnama gatnaşyjylaryň ilkinji bäş kärhanasynyň saýlawyna gatnaşmak isleýän şereketler 10-njy oktýabrda 18.00-a çenli ýörite soragnamany doldurmalydyr. Soragnamany almak üçin resul.rejepov@thepalladiumgroup.com salga elektron hat ibermelidir.