GÜMRÜK HABARLARY: TÜRKMEN GÖK-MIWE ÖNÜMLERI GOŇŞY DÖWLETLERE EKSPORT EDILÝÄR

Türkmenistanda ýetişdirilýän gök we miwe önümleri goňşy döwletlere eksport edilýär.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Arzuwly tutum» daýhan hojalygy şu ýyl Russiýa Federasiýasyna 27 tonna üzüm, Gazagystana – 20 tonna gawun we 20 tonna sogan ugratdy.
Gök önümler Daşoguz welaýatynda hususy telekeçi Maksat Gurbandurdyýewiň kärendä alan ýerinde ýetişdirildi. Telekeçi gazagystanly hyzmatdaşlaryna ýene-de bakja önümlerini ibermegi niýet edinýär.
«Pessaý» oba hojalyk kärhanasy hem öz önümlerini goňşy ýurtlara iberýär. Şu ýyl kärhana Russiýa 20 tonna üzüm ugratdy, geljekde eksporta iberilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.