TÜRKMENISTANDA EKSPORT WE IMPORT AMALLARY ÜÇIN TASLAMASY DURMUŞA GEÇIRILER

photo

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasy (UNKTAD) bilen bilelikde Türkmenistanda eksport-import amallary üçin «Bir umumy penjire» taslamasyny durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan başlanan bu taslama söwda amallaryny, eksport we import ýüklerini resmileşdirmek hem geçirmek işini ýönekeýleşdirmegi maksat edinýär. Ol «Türkmenistanda ASYCUDA gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak» başlangyjynyň dowamydyr. Synagdan üstünlikli geçip, işe girizilen maglumat ulgamy «Bir umumy penjire» taslamasynyň esasyna öwrüler.

«Bir umumy penjire» ulgamy degişli şahadatnamalary, rugsatnamalary we ygtyýarnamalary almagy, özünde jemleýän eksport we import amallaryny resmileşdirmek üçin ähli zerur işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän onlaýn portalydyr. Şeýlelikde, maglumatlary we onuň üçin zerur resminamalary portala bir gezek girizilýär, bu bolsa oňa gatnaşýan döwlet edaralarynyň işiniň ýokary netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistanda eksport we import amallary üçin «Bir umumy penjire» birnäçe ministrliginiň we müdirliginiň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Çünki bu maglumat ulgamy daşary söwda bilen baglanyşykly ministrlikleriň we müdirlikleriň işini ýola goýmagyň çaltlaşmagyna hyzmat edýär. Söwda işlerini ýeňilleşdirmek üçin gowy synagdan geçen gural bolan «Bir umumy penjire» düşünjesini daşary söwdadan başga-da köp pudaklarda ulanyp boljakdygyny bellemelidiris.

Portaly işe girizmek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyny üýtgetmek babatynda teklipleri taýýarlamak boýunça ägirt uly işler ediler, köp işlemlere täzeden garalar ýa-da olar ýatyrylar, haryt görnüşleri bir nusga getiriler.

Türkmenistanda eksport we import amallary üçin «Bir umumy penjire» taslamasynyň synagy ýakyn iki ýylda amala aşyrylar, 2023-nji ýylda bolsa ulgam işe giriziler.