KÄDI – SAÇAKLARYMYZYŇ BEZEGI

Kädi bakja önümi bolup, ol halkymyzyň saçagyna bereket goşýar. Kädiniň gelip çykyşyny Merkezi we Günorta Amerika bilen baglanyşydyrýarlar we ýabany görnüşinden başga hem ýarym ýabany kädileriň köpdürli görnüşleriniň bardygy subut edilendir.
Kädi ähli ýaşdaky ynsanlar üçin iň bir peýdaly önümleriň biri hasaplanylýar. Lukmanlar ony islendik görnüşde — gaýnadyp, buglap iýmegi peýdaly hasaplaýarlar. Bu bolsa onuň düzümindäki witaminleriň saklanyp galýandygyndan nyşandyr.
Lukmanlaryň aýtmaklkaryna görä, kädi adamyň immunitetini güýçlendirýär. Ol sowuklama, dümew, sary getirme keseline garşy we rak keseliniň öňüni alamakda örän peýdalydyr. Şeýle hem kädiniň gan basyşyny kadalaşdyrmakda, aşgazan asty mäzleriniň, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işleýşini ýokarlandyrmakda uly peýdasynyň bardygy bellenilýär. Düzüminde demriň uly mukdaryny saklaýan bu önüm, ganazlykdan kösenýänler üçin gymmatly önümdir. Şeýle hem kädi bedenden zäherli maddalary, şlaklary we artykmaç holesterinleri çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin kädi ýüregagyrylylara hem-de bedenini galyndylardan arassalamak isleýänlere juda peýdalydyr. Kädi düzüminde kaliniň uly mukdaryny saklap, bedenden suwuklygyň çykmagyny tizleşdirýär. Kim ýüregagyrydan, böwrekden, peşew ýollarynyň näsazlygyndan ejir çekýän bolsa, kädi juda peýdalydyr. Kädi şiresi öz düzüminde juda seýrek bolan T witaminini saklap, ganyň düzümini durnuklaşdyryp, dişleriň ganamagynyň öňüni alýar. Kädiniň düzümindäki A witamini gözleriň saglygyna ýardam berip, görşüňi gowulaşdyrýar. Umuman, kädi ýara ýapylanda, aşgazanyň nemli bardasy çişende tiz bitirýär, kädi çigidi prostatiti bejermekde tapylgysyz önümdir.
Kädi iýun-iýul aýlary gülleýär. Onuň gülleri iri we sary bolýar. Kädi sentyabr-oktýabr aýlary ýetişýär. Örän köp dürli bolan kädi togalak, süýri görnüşli bolup, agramy 20 kilograma çenli bolup bilýär. Kädiler maşgalasyna kabaçok, patisson, iri kädi, daş kädi degişlidir.
Kädi türkmen topragynda ýetişýen bol hasylly bakja önümi hasaplanylýar. 100 gr kädiniň düzüminde 25 kaloriýanyň bardygyny bilýärsiňizmi? Kädi witaminlere iň baý önümleriň biridir.
Kädiniň düzüminde: şeker, krahmal, karotin, kalsiý, kaliý, natriý, magniý, fosfor, demir, mis, marganes, kobalt, sink, molibden, ftor, kremniý, ýaly organiki duzlar bar, şeýle – de, C, B1, B2, B6, PP, E, witaminleri bar diýip alymlar belläp geçýärler.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oba hojajlyk pudagynda hem beýik işler durmuşa geçirilýär. Gözel Diýarymyzyň her bir güni toý dabaralara beslenýär. Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy giňden we dabaraly bellenip geçilýär. Her bir baýramda kädi saçaklarymyzyň bezegidir.