TÜRKMENISTANDA JEMI IÇERKI ÖNÜMIŇ ÖSÜŞI ÝYLYŇ 11 AÝYNDA 6 GÖTERIMDEN GEÇDI

photo

2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda eziz Diýarymyzyň jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpelendigi nygtaldy.