GÄMILER GURULÝAR, ABATLANYLÝAR

photo

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän milli ykdysadyýetinde möhüm ähmiýete eýedir. Geljegi uly bolan bu ösen häzirki zaman kärhanasy diňe bir Diýarymyz üçin däl, eýsem döwletara gatnaşyklaryny saklaýan dostlukly ýurtlara hem gämi gurluşyk ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş bolup hyzmat edýär.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady gaýtadan işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän 4–6 sany gämini gurmaga niýetlenendir. Bu ýerde iki müň tonna polady işlemek arkaly ortaça 20–30 sany kiçi we orta göwrümli gämileriň abatlaýyş-bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge-de doly mümkinçilik bar. 

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän bu gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak, dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini geçirmek bilen bir hatarda beýleki hyzmat ediji gämiler we ýüzüji serişdeler hem tehniki taýdan gözden geçirilýär. Olary birkemsiz abatlamak, ýeňil we düýpli enjamlaýyn hyzmatlaryny amala aşyrmak babatda bu ýerde ähli döwrebap şertler döredilendir. Kärhanada senagat we hojalyk maksatly önümçilik üçin uly ölçegli, ençeme görnüşli demir listleri işlemek, bug gazanlarydyr metal gurnamalary ýasamak işleri hem alnyp barylýar. Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek we reňklemek hyzmatlary döwrebap derejede saz we bökdençsiz ýola goýulýar.

«Kärhanamyzda köprüler üçin dürli ölçeglerdäki demir gurnamalary, şonuň ýaly-da etraplardyr şäherlerimiziň görküne görk goşýan yşyklandyryş sütünlerini ýasamakda uly tejribe toplanyldy. Mundan başga-da islegler boýunça owadan görnüşli demir haýatlary, germewleri taýýarlap berýäris. Hyzmatlar boýunça işleri dünýäniň ýokary hil ülňülerine laýyklykda guramak bilen olaryň nusgalyk derejede bolmagyny üpjün edýäris» – diýip, gürrüňi edilýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Rejepmämmet Toýgeldiýew biziň bilen gürrüňdeş bolanda aytdy.