IŞLER BARHA ILERLEÝÄR

photo

Oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň 200 – den gowrak görnüşi ýasalýan Türkmenabadyň tejribe – synag abatlaýyş zawodynda ýylyň başyndan bäri 3 million 116 müň 62 manatlyk önüm öndürilipdir. Kärhanada geçen 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 11 aýynda manat hasabyndaky ösüş depgininiň 140 göterime golaý bolmagy bu ýerde işleriň barha rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Dünýäniň belli kompaniýalaryndan agrosenagat toplumyna satyn alnyp berilýän kuwwatly tehnikalaryň agrotehniki kadalara laýyklykda öndürijikli işledilmegi oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň daýhanlarynyň esasy ýardamçylary bolan kuwwatly traktorlaryň, kombaýnlaryň, tirkeg gurallarynyň, ekijileriň bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen bu kärhanada olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk işi guramaçylykly ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.

Kärhanada öndürilýän ätiýaçlyk şaýlary oba hojalyk tehnikalaryndan başga-da «Gallaönümleri», pagta arassalaýjy kärhanalaryna, şeýle hem «Azyk» önümçilik birleşigine hem iberilýär. Bu kärhananyň diňe bir Lebap welaýatynyň oba hojalyk ulgamy üçin däl, eýsem, Ahal, Balkan, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň Oba hojalyk önümçilik birleşiklerine degişli bolan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, «Galla» we «Azyk» önümçilik birleşikleriniň, pagta arassalaýjy kärhanalarynyň buýurmalary esasynda hem ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar.