KOMPOZITOR WE ŞAHYR: SAZYŇ WE POEZIÝANYŇ DOSTLUGY

Türkmen nakgaşlary köplenç öz eserlerinde ýa-da heýkellerinde her bir ildeşimize belli iki zehin – kompozitor Nury Halmämmedowy we onuň dosty şahyr Gurbannazar Ezizowy şekillendirýärler. Golaýda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow şekillendiriş sungaty muşdaklaryny «Kompozitor we şahyr» atly işi bilen begendirdi. Suratda dostlaryň ikisem oýa batypdyr. Olar alys bir ýerlere nazar dikýärler, hamala nobatdaky bilelikde işleýän pursady – aýdym ýa-da simfoniki poema döredýän wagty şekillendirilipdir. Olaryň ikisi hem ajaýyp eserleriň ençemesini döretdiler.
Biz suratyň awtory Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol suratyň gahrymanlaryny gowy tanandygyny aýtdy. Özi hem ol Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar Ezizowyň adygan döwri geçen asyryň 60-njy ýyllarynda tanyşýarlar. Tötänlikdäki tanyşlyk gysga wagtda hakyky dostluga öwrülýär. Käte nakgaş olaryň milli saz sungatynyň nusgawy eserlerine dönen bilelikdäki işleriniň şaýady hem bolýardy.
Kakageldi Seýitmuhammedow olaryň ikisini hem öz döredijiligine juda talapkärdiklerini ýatlaýar. Olar üçin her sözüň we notanyň wajypdypdygyny belleýär. Şonuň üçin olaryň arasynda köplenç jedel dörärdi.
Olaryň aramyzdan gidenine kyrk ýyldan gowrak wagt geçdi. Kakageldi Seýitmuhammedow ýaş, halkymyz üçin haýsydyr bir täze zat döretmek höwesiniň möwç uran döwrüni ýatlaýar. Nakgaş halkymyzyň iki söwer oglunyň ylham joşgunly ýagdaýyny şekillendirmek isläpdir. Bu oňa başardypdyram.
Kakageldi Seýitmuhammedow her gün Nury Halmämmedowyň sazlaryny diňleýär. Gurbannazar Ezizowyň goşgularynyň ençemesini ýatdan bilýär. Onuň üçin olar baradaky ýatlamalar gymmatly. Şonuň üçinem kompozitor bilen şahyryň ýagty ýadygärligine bagyşlanan işini öz ussahanasynda alyp galdy. Olaryň zehininiň muşdaklarynyň özi bu ýere gelýärler. Nakgaşam muňa begenýär.