TÜRKMENISTAN WE ERMENISTAN: SAZLARYŇ BIRLEŞMEGI

Ýakynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky degişli güwanamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy milli halk aýdym-sazynyň döredijiliginiň dünýä halklarynyň arasynda meşhurlygyny täzeden nygtamagy maksada laýyk hasaplaýar. Meselem, 2019-njy ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 295 ýyllygynyň bellenmegi mynasybetli, ýurdumyzyň bagşy-sazandalary çakylyk bilen bu ýurda baryp gördüler.
Saparyň dowamynda bagşy-sazandalar Ermenistanyň «H1» jemgyýetçilik telewideniýesinden säher bilen ýaýlyma berilýän gepleşiginiň myhmany boldular. Dostlukly ermeni halkyny bagşylaryň aýdýan aýdymlarynyň aýratynlyklary, dutardyr gyjak ýaly halk saz gurallaryny çalmagyň inçe tilsimleri bilen tanyşdyrdylar. Gepleşigiň ahyrynda Orazmyrat Annanepesowyň «Arkadag» eserini ýerine ýetirip, dutaryň hoş owazyny eşitdirdiler.
Sazandalar Ýerewan döwlet uniwersitetinde geçirilen «Magtymguly Pyragy – dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly ylmy maslahatda-da çykyş etdiler.
Türkmen bagşylarynyň sapary türkmen-ermeni halk aýdym-sazynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy. Bagşynyň belent sesine goşulýan dutardyr gyjagyň ajaýyp owazy kanonda we udda çalynýan ermeni halk sazy bilen gezekleşip, diňleýjileri hyýalda kä ümmülmez türkmen sähralaryna eltýärdi, käte bolsa Ermenistanyň belent başly daglaryna gaýtaryp getirýärdi.