SAÝLAMA TOHUMLAR – ÝOKARY HASYLYŇ GIREWI

Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň М.Hojamammedow geňeşliginde ýerleşýän şaly arassalaýan kärhananyň hünärmenleri welaýatyň şaly ekýän hojalyklary üçin ýokary hilli tohum taýýarlamaga girişdiler.
Işiň ähli tapgyry, şol sanda dänäni saýlamak, arassalamak we işlemek boýunça tehnologik amallary dünýä belli «Satake» firmasynyň enjamlarynda ýerine ýetirilýär. Şeýle taýýarlanan ýokary hilli tohumlar ekişi takyk geçirmegi üpjün edýär, gowy gögerýär, öz wagtynda gyradeň ýetişip, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Tohum hil taýdan barlaghanalarda barlaglaryndan geçirilýär. Tohum saklanýan ammarlarda çyglylyk we ýylylyk düzgünleri berjaý edilýär.
Tohum hökmünde ýene-de demirgazyk sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we köp ýyllar bäri ýetişdirilýän ýokary hasylly we kesellelere durnukly naýbaşy sortlary saýlanyldy. Kärhananyň işgärleri tohumy tehnologik talaplara laýyk taýýarlarlar.
Şaly Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk pudagynyň möhüm azyklyk ekinleriniň biridir. Şu ýyl 8100 gektar ýere şaly ekmek meýilleşdirilýär. Şaly ýetişdirmek üçin döwlet tarapyndan zerur şertler, şol sanda ony ýetişdirmekden çuňňur gaýtdan işlemäge gutarnykly önümçilik ulgamy döredildi.