«ÜLKE» – SYNAG GEÇIRMEK WE IŞEWÜRLIK ÜÇIN MEÝDANÇA
«Ülke» hususy kärhanasynyň hünärmenleri sintetiki önümi – kremniniň karbidini almak boýunça täsin synag işlerini tamamladylar. Sintezi geçirmek üçin telekeçileriň, öň taýýarlan emeli grafiti hem-de ýerli känleriň kwars çägesi ulanyldy. «Ülke» HK-nyň direktory Andreý Kurbatow şeýle gürrüň berýär:
– Taslamany düzüjilere synag işlerini geçirmegi taýýarlamak üçin köpýyllyk nazary taýýarlyk we dört ýyldan gowrak wagty öz içine alan ýerine ýtirilmeli anyk işler gerek boldy. «Ülke» hususy kärhanasynyň hünärmenleri barlaglaryň köpsanly tapgyrlaryny geçirdiler. Şol barlaglaryň baş maksady synag etmek arkaly ýerli çig maldan kristal karbidi almakdan ybarat boldy. Bu maksat bilen, «Ülke» HK-nyň önümçilik binýadynda ýörite enjamlar jemlenilip, şolarda iki müňden gowrak dereje gyzgynlykda kremniý karbidiniň kristallarynyň synag geçirmäge niýetlenilen tapgyryny almak başartdy.
Kremniniň karbidi ýörite taýýarlanylan garyndyny synag geçirilýän kürede ýokary derejeli gyzgynlyga çenli gyzdyrmak arkaly alyndy. On dokuzynjy asyryň ahyrlarynda E.Açeson (ABŞ) tarapyndan işlenilip taýýarlanylan bu tehnologiýa dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki güne çenli hem ulanylýar.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Baş önümçilik barlaghanasynda geçirilen barlag ölçegleriniň maglumatlaryna görä, küreden alnan önümleriň nusgalary fiziki ölçegleri, himiki häsiýetnamalary, rentgen düzüminiň seljirmesi boýunça kremniniň kristallik karbidine doly laýyk gelýär. Kremniniň karbidi (karborund) örän seýrek duş gelýän muassanit mineralynyň ýerine sintetiki taýdan ulanyp bolýan önümdir. Muassanit tebigatda diňe korund we kimberlint ýataklarynda duşýar, has seýrek bolsa – Älem giňişliginden Ýere düşen meteoritleriň düzüminde duş gelýär.
Kremniniň karbidi örän inert himiki madda bolup durýar, köp turşulyklar bilen özara täsir etmeýär diýen ýaly. Kremniniň karbidiniň ýokary termiki durnuklylygy ony oda dözümli önümleri döretmäge, ýokary gyzgynlykdaky küreler üçin enjamlaryň böleklerine ýaramly edýär.
Kremniniň emeli karbidiniň häzirki döwürde ulanylyşy we onuň esasynda taýýarlanylýan önümler köpdürli.
Ýokary derejede gaýtadan dikeldiş häsiýetleriniň bolmagy netijesinde, kremniniň karbidi metallurgiýa senagatynda giňden ulanylýar.
Kremniniň karbidi stomatologiýada iň gerekli serişdeleriň biri hökmünde ulanylýar. Galyberse-de, kremniý karbidiniň ýarymgeçirijilerde hem-de ýokary ýylylyk geçirijiligi elektronikada ony kuwwatly enjamlar, şol sanda güýçli diodýagtyjy enjamaryň döredilmegi üçin geljegi uly önüm edýär.
«Ülke» HK-nyň hünärmenleri Türkmenistanyň tebigy serişdelere baýdygyny nazara tutup, synag geçiren hünärmenler tehniki-täjirçilik tekliplerini taýýarladylar. Şonda ýurdumyzyň kremniniň emeli karbidiniň eksport ugurly önümçiligini döretmegiň mümkinçiligini esaslandyrdylar.
Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň innowasion önümçiligi üçin çig mal binýady hökmünde ýerli çig maly – uglerody, kwars çägesini we elektrik energiýasyny peýdalanmak teklip edilýär. Bu bolsa energiýany köp sarp edýän önümçiligiň harajatyny azaltmaga mümkinçilik berer.
«Ülke» HK-nyň hünärmenleri innowasion häsiýetli önümçiligi guramak, eksport ugurly önümleriň öndürilişini özleşdirmek we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeldip bilýän gaýtadan işleýji pudaklaryň önümçilik binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam eder diýip hasaplaýarlar.