img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Okt

Türkmenistan Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş edip, täze köptaraplaýyn platformany – Aşgabat howa dialogyny döretmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa howpsuzlygynyň häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerinden has giňden peýdalanmaga çagyrdy

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Azi...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasy...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 12–16-njy oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa Konfederasiýasy) BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisi geçirildi. Bu halkara forumyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Onuň çäklerinde şu ýylyň 12-nji oktýabrynda geçirilen umumy çykyşlaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ynsanperwer meselele...

DOWAMY
pic
15 Okt

Aşgabatda Türkmenistanyň we Filippinler Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, filippin tarapyna bolsa Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň syýasy meseleler boýunça sekretarynyň orunbasary Leo M. Errera-Lim ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikit...

DOWAMY
pic
15 Okt

Baku şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Baku şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň VII sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky do...

DOWAMY
pic
14 Okt

Türkmenistan Jakartada ÝUNESKO-nyň seminaryna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Indoneziýanyň paýtagty Jakartada ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň “Dokumental köpdürliligi giňeltmegiň mümkinçiligi” atly halkara okuw seminarynyň açylyşy boldy. Seminaryň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden, şeýle-de ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň ýady” maksatnamasynyň halkara sanawyny aýawly saklamak we oňa gymmatly dokumental mirasy hödürlemek babatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň işgärler we tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrm...

DOWAMY