SOŇKY HABARLAR
Täjigistanda Magtymguly adyndaky täze mekdebiň açylyşy geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Täjigistan Respublikasyndaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklyk...
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Gara...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynynyň pars dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary...
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Gyrgyz Respublikasy Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gyrgyzyst...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdy...
Geljegi uly ugur: Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan
Häzirki döwürde ulag ulgamynyň ösdürilmegi geosyýasatyň möhüm ugrunyň hatarynda durýar, döwletlere we sebitlere uly ykdysady we syýasy bähbitleri üpjün edýän birleşdiriji kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap, ýaýbaňlandyrylan we howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny kemala getirmäge, ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy gurallarynyň birine öwürmäge gönükdirilen iri...
«Ýörite geýimler dünýäsiniň» ilhalar lybaslary
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň işleri barha ilerleýär. Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilen şertlerden peýdalanyp, 2016-njy ýylda esaslandyrylan bu kärhanada edara-kärhanalar üçin ýörite iş geýimleri tikilýär. Öz işlerini lukmanlara we şepagat uýalaryna niýetlenen lukmançylyk geýimlerini tikmekden başlan bu kärhana häzirki wagt...