RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Maý

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasyndaky we konsullyk edarasyndaky döwlet baýdaklary aşak düşürildi

Eýran halky bilen raýdaşlygyň alamaty hökmünde şu gün, 20-nji maýda, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen, Türkmenistanyň Tähran şäherindäki Ilçihanasynyň we Maşat şäherindäki Baş konsullygynyň binalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi.

DOWAMY
pic
20 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi. Ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.

DOWAMY
pic
20 Maý

Aşgabatda sport hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow bilen Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky sport babatyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri, bu ugurda özara gatnaşyklary mundan beýläk h...

DOWAMY
pic
20 Maý

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bilen Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýanyň duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykda medeniýet pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ilkinji nobatda iki döwletiň döwlet ýolbaşçylarynyň medeni-...

DOWAMY
pic
20 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylygyna şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdiler.

DOWAMY
pic
18 Maý

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk s...

DOWAMY
pic
17 Maý

ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda taryhy, medeni we tebigy mirasy gorap saklamak, ýaýratmak, bilim, sport we sanlylaşdyrmak ugurlarynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdü...

DOWAMY