RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Ýan

MERKEZI AZIÝANYŇ TÄZE ÝYL ARÇALARYNA GYSGAÇA SYN

Hoşboý ysly, dürli reňkler bilen öwşün atýan, bezelen – bu sözleriň bary täze ýylyň esasy gözelligi – baýramçylyk arçasy hakynda. Dürli şäherlerde we ýurtlarda arçalarynyň aýratyn lybaslary we bezegleri bar. Täze ýyl agşamynda myhmançylyga barmak däp bolmagy bilen, geliň, Merkezi Aziýa ýurtlaryna, iň ýakyn goňşularymyza gysgajyk syýahat edip, olaryň Täze ýyl arçalaryna göz aýlalyň. Indi iki ýyl bäri GDA ýurtlarynyň iň beýik Täze ýyl arçalarynyň arasynda Aşgabadyň «Älem» medeni-dynç alyş me...

DOWAMY
pic
30 Dek

ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK BOÝUNÇA ÖŇDEBARYJY TEJRIBELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik Merkeziniň bilermenleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň häsiýetlerini öwrenmek boýunça abraýly daşary ýurt edaralary bilen gepleşikleri ýola goýmak we netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen guraldy. Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara...

DOWAMY
pic
29 Dek

DÖWLETLILER KÖŞGÜNIŇ ÇAGALARYNA MILLI LIDERIMIZIŇ TÄZE ÝYL SOWGATLARY GOWŞURYLDY

2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň sowgatlary gowşuryldy. Ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada, maşgala gymmatlyklary hem-de belent ruhy taglymlary mynasyp dowam etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy ykrar edilen halkara kadalara hem-de milli ynsanperwer däplere esaslanýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýryl...

DOWAMY
pic
29 Dek

TÜRKMENISTANDA 2022-NJI ÝYLYŇ «HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, mugallymlar we talyplar hem-de mili habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Türkmen...

DOWAMY
pic
28 Dek

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt pulyna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýangyç mazudyny, ýol nebit bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini we “Türkmenhimiýa” d...

DOWAMY
pic
28 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝANYŇ PARLAMENTINIŇ ÝOKARY PALATASYNYŇ SPIKERI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI

2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy-ýurtlaryň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan saparynyň barşynda Sankt-Peterburg şäherinde onuň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenko bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Tü...

DOWAMY
pic
28 Dek

«HASAR» HJ-NYŇ SÜÝJI TAGAMLARY

?Hasar» hojalyk jemgyýeti Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sowgatlarynyň 140 müňden gowragyny taýýarlady. Sowgatlarda hemmeleriň halaýan şirin nygmat tagamly kökedir kemputlaryň dürli görnüşleri bar. «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň ady Köpetdagyň iň belent gaýasynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Aşgabadyň bu konditer kärhanasy döwrebap, ýokary tehnologiýaly, eksporta ugur alýan, ýerli çig maldan peýdalanýan we dünýä belli önüm öndürijiler bilen bäsleşýän kärhana hökmünde tanalýar. Kärhana 2000-...

DOWAMY