SOŇKY HABARLAR
UÇAR WE YŞYKLANDYRYJY KEROSIN DAŞARY ÝURTLY ALYJYLARDA ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz we el halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 mill...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DAŞARY IŞLER MINISTRLERIŇ “ITALIÝA-MERKEZI AZIÝA” DÜZÜMDÄKI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa” düzüminde ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Maslahatyň dowamynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary halkara we sebit...
TÜRKMENISTANDA JEMI IÇERKI ÖNÜMIŇ ÖSÜŞI ÝYLYŇ 11 AÝYNDA 6 GÖTERIMDEN GEÇDI
2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda eziz Diýarymyzyň jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolany...
DUŞANBE ŞÄHERINDE MA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Duşanbe şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň guramagynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça merkeziniň direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça ýörite wekiliniň orunbasary,...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BSGG-NIŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda täze bellenen BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagalalary etjekdigini beýan etdi. T...
GÖK ÇAÝ – TÜRKMENLERIŇ ILKI HEZZETI
Gök çaýyň dürli hili görnüşlerinden hersiniň özboluşly tagamy we peýdaly taraplary bolýar. Geçirilýän barlaglaryň netijesinde, çaýyň düzüminde adam bedenini düwnük kesellerinden, aýratyn-da deri, aşgazan. öýken we süýt mäzi düwnüginden goraýan maddalaryň bardygy anyklanyldy. Aziýada çaýszy tagam iýilmeýär, onuň üçin diňe gök çaý ulanylýar. Lukmanlaryň aýtmagyan görä, bu içgi iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar, bedenden artykmaç duz galyndylaryny çykarýar, gök çaýyň peýdaly antioksidantlary derin...
DIM-DE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda...