SOŇKY HABARLAR
KÄDI – SAÇAKLARYMYZYŇ BEZEGI
Kädi bakja önümi bolup, ol halkymyzyň saçagyna bereket goşýar. Kädiniň gelip çykyşyny Merkezi we Günorta Amerika bilen baglanyşydyrýarlar we ýabany görnüşinden başga hem ýarym ýabany kädileriň köpdürli görnüşleriniň bardygy subut edilendir. Kädi ähli ýaşdaky ynsanlar üçin iň bir peýdaly önümleriň biri hasaplanylýar. Lukmanlar ony islendik görnüşde — gaýnadyp, buglap iýmegi peýdaly hasaplaýarlar. Bu bolsa onuň düzümindäki witaminleriň saklanyp galýandygyndan nyşandyr. Lukmanlaryň aýtmaklkar...
GAZ PUDAGYNDA TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYK MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Ç.Tzýanhua ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri...
HAZARYŇ GANATLY MYHMANLARY
Hazaryň türkmen kenarynda her ýyl on bäş müňe golaý gyzylinjik gyşlaýar. Oktýabryň ikinji ýarymynda gyzylinjikler köpçülikleýin geldiler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany bolan bu guşlar bu ýere ilkinjiler bolup geldiler. Hazar ýakasynyň ganatly myhmanlary geçen ýyl türkmen kenaryna gyş, ýaz we güýz göçüşinde düşlediler, hat-da tomsa-da galdylar. Diýmek, bizde olar üçin gowy şertler döredilipdir diýip ynam bilen aýtsa bolar. Sentý...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN BIRLIKDE GURALAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
Şu gün, 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen bilelikde «Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara maslahat gibrid görnüşde geçirildi. Maslahata YHG-nyň wekiliýeti, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Maliýe we y...
«GAZ» KÜKÜRDINDEN ALYNÝAN POLIMERBETON
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary (ylmy ýolbaşçysy – himiýa ylymlarynyň kandidaty K.Mawyýew) tebigy we gidromineral çig mal himiýasy hem-de tehnologiýasy laboratoriýasynda «gaz» kükürdinden we bu maddanyň senagat taýdan gaýtadan işlenilmeginiň galyndysyndan ýeňil kükürt betonyny we polimerbeton almagyň usulyny işläp taýýarlady. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçiligi döwlet gullugy himiýaçy alymlaryň täze işine oýlap tapyş...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý-ýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň barşynda Ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmak, birek-birege ho...
SEKIZÝAP – KÖPETDAGYŇ MERJEN DÄNESI
Köpetdagyň goýnunda ençeme ajaýyp ýerler bar. Dag gerişleri, kert kenarly çeşme-çaýlarynyň we geň galdyrýan dereleriň hem-de belent daglaryň arasyndaky tekiz belentlikleriň gapma-garşylygy haýrana goýýar. Bu sebitdäki daglar galyň gatlakly deňiz çökündilerinden emele gelipdir, olaryň gatlaklarynda köplenç daşa dönen uly çaňňalaklary – ammonitleri – gadymy deňizde ýaşan mollýuskalaryň galyndylaryny, özboluşly togalak mineral daşlary we del ösümlikleriň saklanyp galan yzlaryny görmek bolýar....