SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň taryhy binalarynyň interaktiw kartasy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy. Bu laboratoriýanyň alymlary we hünärmenleri geografik maglumatlar ulgamyndan peýdalanyp, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasyny düzdüler, ol ýurdumyzyň çägindäki orta asyrlar we a...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÖRDÜNJI AZIÝA - ÝUWAŞ UMMAN SUW SAMMITINE GATNAŞDY
23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa - Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy. Bu duşuşyk köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşyp hem-de hyzmatdaşlyk edip, bu möhüm ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribe...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2022-nji 23-nji aprelinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklarynyň ösüşiniň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy d...
Bütindünýä ýadygärlikler mirasyny goramak güni
1983-nji ýylda ajaýyp ýerleri we ýadygärlikleri goramak meselesi boýunça (ИКОМОС) Halkara Assambleýa tarapyndan kabul edilen kararyň netijesinde 18-nji aprel taryhy ýerleri we ýadygärlikleri goramagyň Halkara güni diýlip yglan edildi. Indi şondan bäri bu sene ÝUNESKO-nyň senenamasynda baýramçylyk günleriniň hatarynda möhüm ýeri eýeläp gelýär. Bu guramanyň halkara meýdançasynda esasy wezipeleriniň geljekki nesiller üçin medeni ýadygärlikleri hem tebigy ýerleri gorap saklamakdyr. Türkmenistanda...
TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA:ÖNJEÝLI HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLY
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur britan tebigatçysy ser Dewid Attenboronyň “Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş” atly dokumental filminiň görkezilişi boldy. Çärede Beýik Britaniýanyň Ilçisi hanym Lýusiýa Uaýld söz sözläp, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň aýawly...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar. Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçir...
“Milli ulgam” sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan dürli çözgütleri hödürleýär
“Milli ulgam” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýyldan bäri sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan “akylly” şäher çözgüdini alyp barýar. Bu ýerde 30-a golaý IT hünärmenler zähmet çekýär. “Milli ulgam” özüniň alyp barýan işleriniň çäginde “akylly” ulgamlary gurnamak üçin telekom infrastruktura çözgütlerini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär. “Milli ulgamyň” taslamalarynyň ýene biri “akylly” öý taslamasy bolup, ol yşykla...