SOŇKY HABARLAR
EMOMALI RAHMON AŞGABADA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana iş sapary amala aşyrylar. Saparyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Baştutany 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşar. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi garşy almak çäresinden soňra bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň söhbe...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA ÝOKARY DEREJELI GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ýokary derejeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri ü...
TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERINI PUGTALANDYRYP
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berdi. Şol d...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Ertir, 28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.
TÜRKMENISTANDA ÖNÜMLERIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI ÖNDÜRILER
Türkmenistanda ykdysadyýeti diwesifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksporty artdyrmak milli maksatnamalara laýyklykda önümçilik düzümleri giňeldilýär we içerki hem-de daşarky bazarlar üçin öndürilýän önümleriň sanawy köpeldilýär. Hökümetiň Sişenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky...
AŞGABATDA YHG-NIŇ AGZA DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 25-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 24-nji duşuşygynyň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler minis...
TÜRKMENISTAN «HAZAR NEBIT-GAZ MEMORANDUMYNYŇ» TÄZE SANYNDA
Hazarýaka ýurtlaryň nebit-gaz pudagyndaky möhüm ähmiýetli wakalary barada gürrüň berýän «Hazar nebit-gaz memorandumynyň» 14-njy noýabrdaky sanynda türkmen tematikasyna saldamly ýer berlipdir. 2021-nji ýylyň oktýabryna berlen synda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşygy barada habar berilýär, onda Hazaryň türkmen ýalpagyny işlemekde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Telekeçiniň döwlet Başt...