SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA GARALDY
Şu gün, 19-njy noýabrda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdylar. Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň, hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen alyp...
TUTUŞ DÜNÝÄDE BUÝSANÇLY ÝAŇLANÝAN «GAUDEAMUS»
Her ýyl 10-njy noýabrdan 17-nji noýabr aralygynda parahatçylyk we dostluk babatda talyplar hepdeligi geçirilýär. Ol talyplar gününiň baýramy bilen jemlenýär. Adatça, şol günki çäreleriň ählisinde «Gaudeamus» talyplar aýdymy ýaňlanýar. 1946-njy ýylda Pragada geçrilen talyplaryň Bütindünýä gurultaýynda ony her ýyl bellemek karar edildi. Şondan bäri tutuş dünýäde, dogrusy, her ýurtda özboluşly bellenilýän baýram ýaşlaryň arasynda meşhurdyr. Eziz Diýarymyzda we daşary ýurtlarda okaýan talyplar...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ HALKARA GIDROLOGIÝA MAKSATNAMASYNYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş Konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde Türkmenistan Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň maksady gidrologiýa ulgamynda bilimi ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga, bu ugurda häzirkizaman tilsimatlara we çemeleşmelere, şeýle hem ýerýüzüniň suw serişdelerinden rejeli peýdalanma...
IMMMUNITETE PEÝDALY GÜNDOGAR IÝMIŞLERI
Häzirki dietologlaryň pikirine görä, Gündogar iýmişleri – kişmiş, kakadylan erik, hurma we guradylan garaly beden ýaşlygy we ýürek sagdynlygy üçin has peýdaly nygmatlardyr. Bu iýmişler gadym döwürleden bäri türkmen saçagyny bezäp gelýär. Ir döwürler pederlerimiz çaý başynda ir-iýmiş iýipdirler. Kerwendäkiler uzak ýola rowana bolanlarynda hem ýany bilen ir-iýmiş alypdyrlar. Alys illere saparlarda olar bedeni zerur witaminlerdir minerallar bilen üpjün edip, güýç-kuwwat beripdir. Mysal üçin,...
TÜRKMENISTANYŇ BMG BÝKM BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Hans Fridrih Şodder bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki işlere gysgaça syn berildi, şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredilip geçildi. Söhbetdeşligiň dow...
KÄDI – SAÇAKLARYMYZYŇ BEZEGI
Kädi bakja önümi bolup, ol halkymyzyň saçagyna bereket goşýar. Kädiniň gelip çykyşyny Merkezi we Günorta Amerika bilen baglanyşydyrýarlar we ýabany görnüşinden başga hem ýarym ýabany kädileriň köpdürli görnüşleriniň bardygy subut edilendir. Kädi ähli ýaşdaky ynsanlar üçin iň bir peýdaly önümleriň biri hasaplanylýar. Lukmanlar ony islendik görnüşde — gaýnadyp, buglap iýmegi peýdaly hasaplaýarlar. Bu bolsa onuň düzümindäki witaminleriň saklanyp galýandygyndan nyşandyr. Lukmanlaryň aýtmaklkar...
GAZ PUDAGYNDA TÜRKMEN-HYTAÝ HYZMATDAŞLYK MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Ç.Tzýanhua ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri...