SOŇKY HABARLAR
KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylar barada habar berýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir. Türkme...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewürlerine boýalan tüýjümek önümler, float aýnasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-ny...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzakmöhletleýin g...
TÜRKMEN HALY SUNGATYNYŇ GYMMATLY ESERLERI: «TÜRKMEN KALBYNYŇ» DÖREDILEN GÜNÜNIŇ 80 ÝYLLYGYNA
?Türkmen kalby» – türkmen halyçylygynyň taryhynda 1941-1942-nji ýyllarda dokalan ilkinji ägirt halynyň adydyr. Ondan bäri 80 ýyl geçipdir. Rowaýata öwrülen bu eseriň döredilişine şaýat gözleýärkäk “Hala salan nagşyň” atly gysga metražly filmi surata düşüren režissýor Çaryýar Seýidow bilen tanyşdyk. Bu resminamalaýyn filmiň ýordumy türkmen halyçylygynyň ajaýyp eserini dünýä beren zehinli senetçileriň unudylmajak duşuşygyna bagyşlanýar. Ägirt uly halyny dokamak işini jikme-jik täzeden dikelden...
TÜRKMENISTANYŇ MAZARI-ŞERIFDÄKI BAŞ KONSULY BALH WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşn...
«MENIŇ WATANYM» MILLI KINOFESTIWALY IŞLERI KABUL EDÝÄR
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Meniň Watanym» atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalyny geçirýändigini yglan edýär. Oňa gatnşamaga – kinorežisýorlar, dramaturglar, operatorlar, öz zehinini görkezmek isleýän kinosenagatynyň işgärleri we muşdaklary çagyrylýar. Onuň guramaçylary oňa gatnaşýanlaryň öňünde gysga metražly filmde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň bermegi baş wezipe edip go...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar. Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgun...