RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň arasyndaky giň gerimli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýo...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMEN ALABAÝY – EDERMEN GORAGÇY WE WEPALY DOST

Şu günler Aşgabatda «Türkmen topragy — dünýä ýaňsalan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär. Bu çäräniň esasy mowzugy täsin it tohumyna – milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup duran türkmen alabaý itlerine we aw tazysyna bagyşlanýar. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy – türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlaryndan biri hasaplanýar, onuň ýaşy takmynan 3 müňden 6 müň ýyla çenlidir. Daşky görnüşiniň gadymy ata-babalarymyzyň döwründäkisinden üý...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI «TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADYÝET WE DAŞKY GURŞAW BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlyg...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANDA RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ ÝAZGYLARYNY ONLAÝN HASABA ALMAK BOÝUNÇA TASLAMA IŞLENIP DÜZÜLÝÄR

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu synag taslamasy raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny hasaba...

DOWAMY
pic
27 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ILKINJI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» SAMMITINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar.    Öz çykyşynda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammitiniň, Nýu-Deliniň bu strategiki ähmiýete eýe bolan sebitiň döwletleri bilen barha giňelýän özara hereketleriniň özboluşly şöhlelenmesi boljakdygyny...

DOWAMY
pic
27 Ýan

MOLLAGARA – ŞYPALY SUWLY KÖLI

?Mir24.tv» saýtynyň habar bermegine görä, «MIR 24»-iň habarçysy Sergeý Polýakow belli «Mollagara» şypahansyna. Žurnalist kölüň suwunyň ýylda dört gezek reňkini üýtgedýändigini belleýär. Ýaňyrak hem ol mawydy, häzir bolsa suw giňişligi goýy goňur reňke boýalypdyr. Reňki bilen birlikde suwuň himiki düzümi hem üýtgäpdir. Goňur reňkiň öwüşginleriniň peýda bolmagy daýanç-hereket ediş ulgamy keselli bolan myhmanlaryň gelmegine garaşylýan şypahanada täze bejeriş möwsüminiň başlanandygyny aňladýar....

DOWAMY
pic
27 Ýan

TÜRKMEN-RUMYN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA ONLAÝN GÖRNÜŞDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Danut Sebastian Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ýurtlaryň türkmen-rumyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyk...

DOWAMY