SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «HYTAÝ – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideo şekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasyn...
ÖNÜM ÖNDÜRILIŞI ARTÝAR
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda dokma senagaty hem bu gün şanly ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudagyň hatarynda göreldeli işleýän kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikinçilik kärhänasydyr. Bu ýerde ezber elli tikinçileriň onlarçasy zähmet çekýär. Olar 2021-nji ýylda özleriniň yhlasly zähmeti bilen netijeli iş görkezijilerine eýe bolup, geçen ýyly mynasyp jemlemegi başardylar. Has takygy, bereketli tikinçiler gürrüňi edilýän döwürde 12...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyl...
BALKANDAN DAŞOGUZA ÇENLI HALKALAÝYN ENERGOULGAMYŇ IKINJI TAPGYRYNYŇ GURLUŞYGY BAŞLANDY
?Türkmenenergogurluşyk» konserniniň potratçy guramalary Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň elektrik ulgamlaryny birleşdirip, sebitleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etjek halkalaýyn energoulgamyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişdiler. «Balkan» kiçi bekedinden Daşoguza çenli EGL-500-iň uzynlygy 560 kilometrden gowrakdyr. Şu aralykda geljekki EGL-iň sütünleriniň 1446-sy oturdylar. Gurluşygyň baş potratçysy elektrik geçiriji liniýalaryň gurluşygyna telekeçi düzümleriň birnäçesini çekdi...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...
ÜSTÜNLIGIŇ ESASLARY
Ýurdumyzda öndürilýän ýüplügi daşary ýurtlara iň köp eksport edýänleriň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabrigidir. Ol daşary ýurt bazarynda eksport boýunça şertnamalaýyn borçlaryny wagtynda we ýokary derejede ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Bu kärhana özüniň şertnamalaýyn borçlaryny we haryt-çig mal biržasynda baglaşan şertnamalarynyň şertlerini ýerine ýetirmek bilen, geçen ýyl dünýä dokma bazarynda aýratyn isleg bildirilýän...
DIM-DE HHR-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler. Duşuşygyň çäklerinde şeýle-de Döwlet baştutanlar...