SOŇKY HABARLAR
«MIZEMEZ GADAM»: TASLAMADAN – ULANYLYŞA BERILÝÄNÇÄ
Lebap welaýatynyň «Mizemez Gadam» hususy kärhanasy izolýasiýa gurluşyk serişdelerini eksport edijä öwrüldi. Kärhanada ugurdaş edaralaryň aýratyn isleg bildirýän rulon görnüşli suw geçirmeýän «izogam» üçek örtügi serişdesiniň, bitum sakgyjynyň, bitum emulsiýasynyň, gury gurluşyk laýynyň önümçiligini özleşdirdiler. Bu kärhana GDA ýurtlaryna we Owganystana ugratmak üçin dürli görnüşli bitum membranalaryny hödürleýär. «Mizemez Gadam» 1994-nji ýyldan bäri gurluşyk işleri bilen meşgullanýar. Şu döw...
ÖZBEGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanaga...
ÝOKARY ISLEGLI ÖNÜM
Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleri kärhanasynda ýarym ýylyň tabşyrygy ýerine ýetirildi. Bu ýerde hasa, gipsli we dürli çeýe sargy serişdeleri, leýkoplastyrlar, bir gezek ulanylýan hasa örtükler, damar çişmesinde ulanylýan joraplar we beýleki önümler çykarylýar. Golaýda köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrylan bir gezek ulanylýan ekologiýa taýdan arassa spandbonddan taýýarlanylýan ýektaýlaryň we beýleki harytlaryň alyjysy ýetik. Kärhana ýylda 13 million gaba çenli dürli sargy serişdel...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÄJIGISTANYŇ SENAGAT WE TÄZE TEHNOLOGIÝALAR MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar giň gerimli türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana öňde boljak döwlet saparynyň ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyk...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Kipriň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň işewürlerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri float aýnasyny satyn aldylar....
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ PLENAR MEJLISINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN ÖŇE SÜRLEN KARARNAMA BIRAGYZDAN KABUL EDILDI
2-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama...
«MAKSADA OKGUNLY»: ÖÝ GUŞLARYNY KÖPELTMEGIŇ TÄZE TEHNOLOGIÝALARY
“Maksada okgunly” hususy kärhananyň hindi guşlaryny köpeltmek toplumynda 12 müň jüýje saklamak üçin niýetlenen üç sany ketegiň gurluşygy tamamlandy. Olar Germaniýanyň “Prollage Systeme CmbH” we “Witte Anlagenbau CmbH. & Co. KS” şereketleriniň iň täze döwrebap enjamlary bilen abzallaşdyrylyp, jaýyň içiniň mikroklimatyny, guşlara iýmdir suw bermek, şeýle hem agramyny çekmek işini kadalaşdyrýan köp maksatly ýeke-täk merkezi kompýuter tarapyndan dolandyrylýar. Telekeçiler şol bir wagtyň özünde gu...