RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Iýul

TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA DÄP BOLAN DOSTLUK WE ÖZARA GOLDAW BERMEK ÝÖRELGELERINE YGRARLYDYRLAR

2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine sapary başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu sapar Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýada – Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy maksady bilen guralandyr. 24-nji iýulda saparyň çäklerinde Tokioda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa...

DOWAMY
pic
24 Iýul

ÇAGANYŇ HUKUKLARYNY GORAMAK UGRUNDA GEÇIRILÝÄN AŇ-BILIM IŞLERI

Tomus kanikullary döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň goldaw bermeginde Ombudsmeniň edarasy, Bilim ministrligi bilen bilelikde Gökdere çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar üçin okuw seminarlaryny geçirýär. Maglumat sessiýalarynyň barşynda çagalar çaganyň iň ýokary bähbitlerini, onuň ösüşini we jemgyýetçilik integrasiýasyny üpjün etmegiň ýoly hökmünde...

DOWAMY
pic
23 Iýul

TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa, Tokio şäherine iş sapary başlandy. 23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Imperatora we tutuş Ýaponiýanyň halkyna mähi...

DOWAMY
pic
23 Iýul

TÖREBEG HANYMYŇ ARAMGÄHI KÖNEÜRGENÇ ŞÄHERINIŇ BINAGÄRLIGINIŇ ÝENE BIR AJAÝYP ESERIDIR

Törebeg hanymyň aramgähi binagärlik we mozaika sungatynyň ajaýyp eseri hasaplanýar. Bu binagärlik ýadygärligi diwarlary reňkli mozaika bilen bol bezelen takmynan 100 inedördül metr meýdany tutýan belentden ýagty alty gyraňly zaly bilen göreni haýran edýär. Zalyň ýokarsynda ýüzüne sünnälenip mozaika pannosy çekilen başaşak duran sferoid pyýala – ýyldyzlardan we gülli ösümlik suratly köpgraňlyklardan durýan çylşyrymly geometrik nagyş howada gaýýan ýaly bolup dur. Bu zaldan nesilşalygyň birnäçe wek...

DOWAMY
pic
19 Iýul

“MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” FORMATDA DAŞARY SYÝASAT EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Daşkentde “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nurlan Niýazliýew we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagyl...

DOWAMY
pic
18 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ÝANGYÇ WE ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ ÖNÜMLERI DURNUKLY ISLEGE EÝE BOLÝAR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Wirgin adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri daşary ýurt puluna list aýna hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million dollaryn...

DOWAMY
pic
16 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ IKITARAPLAÝYN DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 16-njy iýulda «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidentine ýollan salamyny we çuňňur hormatyny beýan etdi. Häzirki döwrüň derw...

DOWAMY