SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA OLIMPIÝA OÝUNLARYNDA MEDAL GAZANAN TÜRKMENISTANYŇ ÝEŇIJISINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün, 21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni - Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň je...
EKSPORT ARTÝAR, IŞ ÝERLERI DÖREDILÝÄR
Şu ýyl ýurduň telekeçileri tarapyndan döredilen täze ýyladyşhanalarda dört ýüz iş orny döredildi. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriljek täze jaýlaryň meýdany 35 gektar artdy. Innowasion tehnologiýalar bu meýdanlarda ýylda 11 müň tonnadan gowrak gök önüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Telekeçiler tarapyndan ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan alty sany häzirki zaman ýyladyşhana hojalygy öňden işläp gelýänleriň hataryna goşuldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplaryndaky...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY YKDYSADY IŞINIŇ ÖSÜŞI «FITCH RATINGS» REÝTING AGENTLIGINIŇ BAHALARYNDA ŞÖHLELENDIRILDI
�Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: “B” derejede gysga möhletleýin reýting we “B + durnukly” derejede uzak möhletleýin reýting. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär. Türkmenistana berlen bu reýtingler ýurduň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we beýleki döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam eder. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy
HER BIR ÖÝE – “MAWY ÝANGYÇ”
Türkmenistanyň tutuş ilaty ulgamlaýyn turbageçiriji arkaly gelýän tebigy gazy ulanýan iň iri gaz öndüriji ýurtdur. Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi baradaky” Kanuny gaz pudagynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär. Şolardan biri-de Milli gazlaşdyryş maksatnamasynyň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi esasynda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen ýaşaýyş jaýlardyr kommunal hojalyklaryň, senagat kärhanalarydyr beýleki edaralaryň gaz bilen üpjünçilik der...
KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylar barada habar berýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir. Türkme...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewürlerine boýalan tüýjümek önümler, float aýnasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-ny...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzakmöhletleýin g...