SOŇKY HABARLAR
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi. Ýokary derejeli myhmany Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde resmi garşy almak dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady...
«GERÇEK» AÝAKGAP ÖNÜMÇILIGINI ÖSDÜRÝÄR
Erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin aýakgaplaryň bahar, tomus, güýz we gyş görnüşlerini tikmek bilen meşgullanýan «Gerçek» hususy kärhanasy önüminiň möçberini artdyrdy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, şu ýylda otuz göterim köp, ýagny sekiz million jübütden gowrak dürli aýakgap öndürildi. 500-den gowrak işgäriň işleýän ýedi ussahanasynyň jemlenen Mary welaýatynda kärhanasynda sintetik we ekologiýa taýdan arassa serişdelerden açyk hem ýapyk görnüşli aýakgap ö...
EMOMALI RAHMON AŞGABADA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana iş sapary amala aşyrylar. Saparyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Baştutany 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşar. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi garşy almak çäresinden soňra bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň söhbe...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA ÝOKARY DEREJELI GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ýokary derejeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri ü...
TÜRKMEN JEMGYÝETINIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERINI PUGTALANDYRYP
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berdi. Şol d...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy. Ertir, 28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.
TÜRKMENISTANDA ÖNÜMLERIŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI ÖNDÜRILER
Türkmenistanda ykdysadyýeti diwesifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksporty artdyrmak milli maksatnamalara laýyklykda önümçilik düzümleri giňeldilýär we içerki hem-de daşarky bazarlar üçin öndürilýän önümleriň sanawy köpeldilýär. Hökümetiň Sişenbe güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýurdumyza daşarky...