SOŇKY HABARLAR
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 5-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Baştutany 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Saparyň çäklerinde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygyna garaşylýar.
AMYDERÝA SEBITINDE SUW-ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda we diplomatiýasynda energetika hem-de suw meselesine uly ähmiýet berilýär, ýurdumyz sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we suw serişdelerini netijeli dolandyrmak üçin goňşy ýurtlar hem-de halkara düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň (MASEM) amala aşyrýan Ýewropa Bilelşiginiň «suw-energiýa-azyk» (SEA Neksus) özara gatnaşygynyň esasynda sektorara maliýeleşdirmegi höweslendirmek boýunça Merkezi Aziýa gatnaşyklary...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝOKARY DEREJELI BÄŞTARAPLAÝYN DUŞUŞYGA GATNAŞMAK ÜÇIN TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 5-nji awgustda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana geldi. Saparyň maksady 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Saparyň çäklerinde Prezident Sadyr Žaparowyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollady. “Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birekbirege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň dostlukly ýurtlaryň we onuň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara peýdaly hyzmatdaşlyk r...
TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR
2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. 4-nji awgustda saparyň resmi bölegi başlandy. Prezident Emomali Rahmonyň ulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, döwlet Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçdiler. Bu ýerde Prezident Emom...
«MIZEMEZ GADAM»: TASLAMADAN – ULANYLYŞA BERILÝÄNÇÄ
Lebap welaýatynyň «Mizemez Gadam» hususy kärhanasy izolýasiýa gurluşyk serişdelerini eksport edijä öwrüldi. Kärhanada ugurdaş edaralaryň aýratyn isleg bildirýän rulon görnüşli suw geçirmeýän «izogam» üçek örtügi serişdesiniň, bitum sakgyjynyň, bitum emulsiýasynyň, gury gurluşyk laýynyň önümçiligini özleşdirdiler. Bu kärhana GDA ýurtlaryna we Owganystana ugratmak üçin dürli görnüşli bitum membranalaryny hödürleýär. «Mizemez Gadam» 1994-nji ýyldan bäri gurluşyk işleri bilen meşgullanýar. Şu döw...
ÖZBEGISTANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY, MAÝA GOÝUMLAR WE DAŞARY SÖWDA MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
021-nji ýylyň 2-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanaga...