RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Iýun

TURKMENISTAN BILEN NIGER RESPUBLIKASY DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝDY

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Nýu Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Komýunike gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik Wekili Aksoltan Ataýewa bilen Niger Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişeli...

DOWAMY
pic
22 Iýun

«GAZPROM» TÜRKMENISTANDAN SATYN ALÝAN GAZYNYŇ MÖÇBERINI ARTDYRÝAR

?Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrýar, ony beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan almagyny azaldýar, Özbegistandan «mawy ýangyç» almagyny bes etdi - diýip Interfaks habar berýär. Türkmen gazynyň Russiýa kompaniýasyna iberilmegi uzaga çeken arakesmeden soň 2019-njy ýylda 4 millard kub metr möçberinde gaýtadan dikeldidi, ol 2020-nji ýylda 4,7 millard kub metre ýetdi. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylda 1,3 millard kub metr bolanlygyndan 2,2 millard kub metr bol...

DOWAMY
pic
22 Iýun

TÜRKMENISTAN ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIK KOMISSIÝASYNYŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY

2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň 31-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu komissiýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Ýerine ýetiriji geňeş Assambleýa bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň ýolbaçşy edarasy bolup durýar. Hökümetara okeanografik komissiýanyň maksady halkara h...

DOWAMY
pic
22 Iýun

TÜRKMEN GAWUNY AJAÝYPDYR

Aýdylyşyna görä, geçmiş zamanlarda gawun ogurlygy üçin aýratyn jeza bolupdyr: bazardan gawun ogurlan adam beýleki miwelere göz gyzdyranlardan has köp ýumruk iýer eken. Beýle jeza berilmegi ogrynyň ýaltalygy üçinmiş diýýärler, çünki gawuny ýetişdirmegiň hiç hili kynçylygy ýok ahbetin. Topraga çigit okla-da, garaşyp oturyber – gawunyň özi ösýär, özi bişýär. Bu, hakykatdan-da, şeýlemikä? Türkmen topragynda doglan adam onuň hamrak ene deý öz çagalaryny zähmetsöýerlikde ulaldýandygyny – ýekeje bugdaý...

DOWAMY
pic
22 Iýun

TÜRKMEN-FIN MASLAHATLAŞMALARYNYŇ BARŞYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fin tarapyna bolsa Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleri we Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-y...

DOWAMY
pic
22 Iýun

«TURKMENLINE» HUSUSY ULAG-LOGISTIK ŞEREKETI TÄZE UGRY ÖZLEŞDIRÝÄR

Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň netijesinde, döwlete degişli däl ulgamyň jemi içerki önümdäki (JIÖ) paýy, ýangyç-energetika toplumy göz öňünde tutulmasa, 70%-e ýetdi. Bu diňe bir hususy eýeçilik görnüşindäki hojalygy alyp barýan subýektleriň we telekeçileriň sanynyň artmagy, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň Döwlet býujetine barha artýan goşandy bilen häsiýetlendirilýän mukdar taýdan ösüş bolman, eýsem täze hildir, telekeçilik işiniň has giň gerimidir. B...

DOWAMY
pic
21 Iýun

ÝHHG-NIŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOYUNCA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK

Şu gün, 21-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça meseleleriniň çäklerindäki tasla...

DOWAMY