SOŇKY HABARLAR
ARASSA WE DURNUKLY ENERGETIKANYŇ ULANYLMAGY – ADAM SAGLYGYNY GORAMAGYŇ GIREWI
BMG durnukly ösüşiň 7-nji maksadynda (DÖM-7) göz öňünde tutulan ygtybarly, durnukly we döwrebap energetikanyň ählumumy elýeterliligi barada täze hasabaty neşir etdi. Bu barada BMG-niň habarlar saýty habar berýär. Hasabatda DÖM-7-ä ýetmekde uly, ýöne gyradeň bolmadyk ösüş gazanylandygy we pandemiýanyň onuň möçberine ýaramaz täsir edendigi bellenilýär. Halkara energetika agentliginiň (IAE), Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA), BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş mes...
“MERKEZI AZIÝA + ÝAPONIÝA” DIALOGYNYŇ ÇÄKLERINDE RESMI WEKILLERIŇ 14-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde resmi wekilleriň wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji mejlisi geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Mejlisi Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býuronyň Baş direktorynyň orunbasary, ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda açdy. Ol bu formatyň döwletleriniň arasynda howpsuzlyk, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer g...
TEKSTIL PUDAGYNYŇ ÖNÜMLERI BIRŽA SÖWDASYNDA ÖŇ HATARDA
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekillerine tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 2 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýä...
TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen b...
HIMIÝAÇY ALYMLARYŇ DÖREDIJILIK MÜMKINÇILIGI
Türkmenistanyň himiýaçy alymlary mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemek, ýurduň ylym edaralary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ylmy hem-de tehnologik işleri ýerine ýetirýärler. Himiýa institutynyň bölümleriniň we laboratoriýalarynyň ählisi 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Geçirilen işleriň netijesinde uly möçberde ylmy-barlag we maglumatla...
OWGANYSTAN BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON MASLAHATLAŞMALARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýaponiýanyň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili, Ilçi Katsuhiko Takahaşi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar owgan meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlaryny beýan etdiler. Owganystandaky ýagdaýyň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmagyny dowam edýändigi, şeýle-de sebit we halkara derejelerde durnuklylygyň hem-de howpsuz...
LEBAPDA TÄZE HOWA MENZILIŇ GURLUŞYGY TAMAMLANÝAR
?Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýol menzilinden we Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan uzak bolmadyk aralykda telekeçileriň işläp düzen taslamasy boýunça sagatda 100 ýolagçyny üstünden geçirmek ukyby bolan terminalyň binasy gurlup, «Türkmenhowaýollary» Agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekilipdir. Kerki şäheriniň howa menzili Türkmenistanda ilk...